SIZDEN GELENLER

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy uly rowaçlyklara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylýan uly üstünlikler kalbyňy buýsanja besleýär.

Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gurlup ulanmaga berilýän lukmançylyk düzümleri iň häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Ilata edilýän ýokary hilli hyzmatlarydyr iş şertleri halkara talaplara doly laýyk gelýän, lukmançylyk enjamlary ekologiýa taýdan howpsuz bolan saglygy goraýyş edaralary halkymyzyň abadan durmuşy hakynda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Şeýle ajaýyp döwürde saglygymyza seretmek, bedenimiziň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak biziň özümize baglydyr. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmaklygyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeke hökmanydyr.

Sebäbi gündelik durmuşda adam daşky gurşawda dürli mikroplara garşy göreşmeli bolup durýar. Daş-töweregimizden saglygymyza zyýan bermek mümkinçiligi bolup durýan köp sanly mikroplara garşy göreşmek zerurlygy ýüze çykýar.

Şonuň üçin hemişe lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermeli bolýar. Olaryň belläp geçişleri ýaly, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, elmydama elleriňi arassa saklamaly, daşardan gelnende, nahardan öň we soň, islendik iş ýerine ýetirilenden soň elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Iş we öý otaglaryny ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalşyp, çygly arassalaýyş işlerini hem geçirip durmaly.

Keseliň sebäbi näme bolup biler? Keseliň hapa ellerdäki, dyrnaklaryň aşagyndaky we ýuwulmadyk miwelerdäki mikroplar sebäpli döräp biljekdigi ýüze çykýar. Olar bizi hemme ýerde – howada, suwda, toprakda gurşap alýarlar. Bu kiçijik jandarlar diňe bir derimizde däl, içimizde-de ýaşaýar. Olar durmuşymyzda şeýle möhüm rol oýnaýan, ýöne bize görünmeýän mikroblar?

Mikroplar häzirki wagtda Ýer ýüzünde bar bolan organizmleriň iň gadymy toparydyr. Ilkinji bakteriýalar, ähtimal, 3,5 milliard ýyl mundan ozal ýüze çykypdyr we takmynan bir milliard ýyl bäri planetada ýeke-täk janly-jandar bolupdyr.

Mikroplar ululygy gaty kiçi we diňe mikroskop bilen görüp bolýar. 3 gram toprakda 6-9 milliard mikroorganizm bar. Bu, Ýer şarynyň ähli ilatyndan has köp! Bulara dürli görnüşli bir öýjükli organizmler girýär. Hatda mikroskop bilen hem görünmeýän mikroplara wirus diýilýär. Mikroorganizmler ilkinji gezek 250 ýyl mundan ozal, XVII asyrda, optiki gurallary – ulaldýan lupalar ulanyp, 160-200 gezek ulalmagy üpjün eden mahaly ýüze çykaryldy. Mikroblar ylmyna meşhur fransuz alymy Lui Pasteur (1822 – 1895) goşant goşdy.

Mikroplar tebigatda giňden ýaýrandyr. Mysal üçin, bir gram hapalanan suwda onlarça million mikrop bar. Dürli mikroorganizmler adamda çynlakaý kesellere sebäp bolup biler (inçekesel, iýmitden zäherlenmek, gonoreýa we ş.m.).

Mikroorganizmler arassalygy halamaýarlar, sabyn olary öldürýär! Lukmanlar elleriňizi sabyn bilen 15-30 sekunt ýuwmagy maslahat berýärler. Ýuwulmadyk ellerde birnäçe million mikrop bolup biler.

Ine, şonuň üçin witaminlere we mikroelementlere baý bolan ter gök önümleri we miweleri iýmek, azyk önümlerine bildirilýän gigiýena talaplaryny doly we dogry berjaý etmek, ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykanda maşgala lukmanyna ýüz tutmak, antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hem özeninde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň goragy dabaralanýar.

Tyllagözel Nuryýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy