SIZDEN GELENLER

Sagdyn durmuş – nurana geljek

Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň hem esasyny düzýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak ugrundaky aladalar bu günki gün tutuş ýurdumyzy we il-ulsumyzy gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezip, yzygiderli saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy hemmeleriň sporta bolan höwesini goşalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän  «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi saglygy goraýşyň esasy ugurlaryny kesgitlemek we degişli strategiýalary işläp düzmek hem-de ýerine ýetirmek; jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek; daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak; ulgamyň guramaçylygyny, dolandyrylyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek; saglygy goraýşyň ilkinji halkasy bolan saglyk öýleriniň işini täzeden guramak; hassahana, şypahana hyzmatlaryny hil taýdan kämilleşdirmek; Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kadalaşdyrmak; derman senagatyny giňeltmek we halkara derejä çykarmak; degişli düzümleri öz kärine ussat hünärmenler, maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek; kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipelere esaslanýar.

Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçirilip, ol hünärmenleriň we alymlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Mälim bolşy ýaly, ilatyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzümleri we daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda bu ulgamyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, milli ylym ulgamyna dünýä lukmançylygynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap ylmy-kliniki merkezler, bejeriş-öňüni alyş edaralary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şol merkezlerdäki häzirki zaman enjamlarynyň aglabasynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda öndürilendigi nygtalmaga mynasypdyr. Çünki Germaniýa saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşydyr.

Saglyga bolan hukuk adam hukuklarynyň esasylarynyň biri hökmünde her bir adamyň saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliliginiň bolmagyny aňladýar. Bu ýörelge Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň uly toplumy — «Ene mähri» we Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman senagaty kärhanalary döredildi. Ilatyň saglygyny berkitmek, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda anyklamak we bejermek, adamlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ençeme bilelikdäki taslamalaryňdyr maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ogultäç Hydyrowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti. 

Ýene-de okaň

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany