SPORT

“Sag” we “çep” aýagyny ulanýan futbolçylaryň topary

Ispaniýanyň “Marca” neşiri  ähli döwürde “sag aýakly” we “çep aýakly” oýunçylaryň simwoliki toparlaryny düzdi. Okyjylardan haýsy toparyň ýüzbe-ýüz gapma-garşylykda ýeňiş gazanjakdygyny ses bermek haýyş edildi. Habar çap edilende ses berişlik dowam edýärdi.

Sag aýaklylaryň simwoliki topary: Janluiji Buffon, Kafu, Franko Baresi, Franz Bekkenbauer, Mauro Silwa, Mişel Platini, Zinedin Zidan, Pele, Alfredo Di Stefano, Kristiano Ronaldo, Ýohan Kroýf.

Simwoliki çep aýakly topar: Iker Kasilýas, Paolo Maldini, Daniel Passarella, Roberto Karlos, Fernando Redondo, Ferens Puşkaş, Bobbi Çarlton, Rivelino, Diego Maradona, Lionel Messi, Ugo Sançes.

Ýene-de okaň

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Şumaher “Formula-1”-iň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy

«Arkadag» futbol topary Ronaldonyň topary bilen duşuşyp biler