DÜNÝÄ

Şa zenanynyň tagtda bolmagynyň 70 ýyllygy bellenilýär

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II tagtda bolmagynyň 70 ýyllygyny giňden bellemek üçin London şäheriniň köçeleri baýdaklar we şa zenanyň suratlary bilen bezeldi.

Bu baýramçylyk mynasybetli Angliýa bilen bir hatarda birnäçe ýurtda dürli baýramçylyk çäreleri geçiriler. 1952-nji ýylda tagta geçen şa zenany Ýelizaweta üçin 2-5-nji iýun aralygynda dürli dabaralar guralar.

Penşenbe gününden başlap, iňlis raýatlary üçin dynç alyş başlaýar we olar 4 gün boýunça guraljak dabaralara gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar.

London şäheriň iň bir gelim-gidimli köçesi bolan Oksford şaýoly şa zenanynyň hormatyna baýdaklar bilen bezeldi. Käbir edaralaryň aýnalarynda şa zenanynyň suratlary asyldy.

4 gün dowam edýän dabaralaryň çäklerinde 2-nji iýunda Beýik Britaniýada harby ýöriş guralar. Bu ýörişe 1 müň 400-den gowrak esger, 400 sungat işgäri we 200 atly esger gatnaşýar.

4-nji iýunda Bukingem köşgünde ýörite dabara guralar. Bu dabara bije çekişlik netijesinde belli bir möçberde adaty raýatlaryň hem gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

 

Koreýa Respublikasynda türkmen sungat işgärleriniň döredijilik konserti geçirildi

 

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk