SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7”: şu gün biletler Türkmenabatda satylýar

Mälim bolşy ýaly, biz size 15-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutulýandygyny habar beripdik.

Şol habarda 18-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň göz öňünde tutulandygy mälim edildi.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda bu gatnaw barada ýerleşdirilen täze habarnamada bilet satuwy we gatnaw üçin hasaba alyş wagtlary barada ýene-de maglumat berlipdir.

Şol maglumatnamada bellenilip geçilişi ýaly, 18-nji fewralda göz öňünde tutulan Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy üçin awiapetekler şu gün ýagny 17-nji fewralda sagat 19:00-dan 21:oo-a çenli Türkmenabadyň howa menzilinde satylýar.

Şeýle hem ertir – 18-nji fewralda meýilleşdirilen ýörite uçar üçin hasaba alyş sagat 05:00-dan 09:00-a çenli Türkmenabadyň howa menzilinde ýerine ýetiriler.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar