JEMGYÝET

S.Berdimuhamedow ýokary sylag bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy.

30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenistanyň Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşýandygyny bellemek bilen, munuň uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, onuň geljegine we giň mümkinçiliklerine doly düşünmek arkaly onuň has-da ösdürilmegine özara gyzyklanmalaryň bardygyny görkezýän ähmiýetli waka bolup durýandygyny nygtady.

Ol şeýle hem, bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň ýewraziýa giňişligindäki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýaly hökümetara birleşikleri bilen ysnyşykly özara hereket etmek ýörelgesine doly laýyk gelýändigini belläp geçdi.  Saparyň barşynda şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy M.Mişustin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda Türkmenistanyň hem-de RF-niň arasynda ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şol sanda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen taryhy özarabähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlydygy hem nygtaldy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky önjeýli hyzmatdaşlygyň ýurduň Russiýa Federasiýasy bilen syýasy hem-de diplomatik özara hereketler, söwda, senagat, medeniýet, bilim we beýleki geljegi uly ulgamlardaky netijeli gatnaşyklarynyň görnetin subutnamasy bolup durýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanow tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedowa RF-niň Tatarstan Respublikasynyň döwlet sylagy bolan «Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy» medaly gowşuryldy.

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy