SPORT

S.Berdimuhamedow Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
Türkmen türgenleriniň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň sport ugry boýunça hem işjeň ösdürilýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary we köpugurly döwrebap stadionlar guruldy. Ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary guramak üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän köpugurly sport toplumlary türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşmaklary üçin möhüm binýady emele getirýär.

23-nji iýulda, ýagny şu gün dünýäniň iň uly sport ýaryşy – Tokio Olimpiýa oýunlaryna badalga berler. 23-nji iýul-8-nji awgust aralygynda geçiriljek bu ýaryşa Türkmenistandan 9 türgen 4 ugur boýunça bäsleşer.

Türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek günleri mälim edildi.

24-nji iýul: ilkinji bolup suwda ýüzmek boýunça türgenlerimiz ýaryşa goşular. Bu ýerde Merdan Ataýew 100 we 200 metr aralykda, Dariýa Semenowa bolsa 100 metre aralykda bäsleşer.

25-nji iýul: düzýudo boýunça bäsleşikler geçiriler. Bu ýaryşda 52 kilogram agramda Gülbadam Babamuratowa çykyş eder.

26-njy iýul: 55 kilogram agramda Kristina Şermetowa agyr atletika boýunça bäsleeşige goşular.

27-nji iýul: 59 kilogram agramda Polina Gurýewa agyr atletika boýunça medally orunlar üçin bäsleşer.

31-nji iýul: Olimpiýa oýunlarynda 81 kilogram agramda türkmen agyr atletikaçy Rejepbaý Rejepow sport meýdançasyna çykar.

2-4-nji awgust: Mergen Mämmedow ýeňil atletika boýunça ýaryşa goşular.

3-nji awgust:Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer.

4-nji awgust: Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Tokio Olimpiýa oýunlaryny Türkmenistandaky “IPTW” teleýaýlym ulgamyndaky Russiýanyň “Rossiýa 1” hem-de “Match TV” ýaýlymlaryndan tomaşa etmek bolar.

 

«Türk­men-türk» ban­ky: ýeňillikli karzlar, onlaýn tölegler

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi