BIZNES

“RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar

Russiýa Federasiýasynyň “RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Demirýollary” AGPJ-niň we «Türkmenistanyň Ulag Logistika merkeziniň» PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ulag pudagyndaky Logistika mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderiler üçin ýurdumyz tarapyndan döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi.

Myhmanlar esasan Mahaçkala we Astrahan portlaryndan däne önümlerini Owganystana we Eýrana mümkinçiligiň bardygyny, şeýle hem Türkmenbaşy-Astrahan portlarynyň arasynda yzygider konteýner daşamalaryny amala aşyrmaga mümkinçiligiň bardygyny belläp, bu ugurda seljerme işlerini geçirýändiklerini bellediler. Geçiriljek seljermeleriň netijeleri boýunça resmi ýollar arkaly tekliplerini ýollajakdyklaryny bellediler. Eger-de seljermeleriň netijesi boýunça amatly hasaplanan halatynda 2024-nji ýylyň mart aýyndan deňiz ýollar arkaly Türkmenbaşy halkara portuna ýükleri getirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Myhmanlaryň Balkan welaýatynyň saparynyň dowamynda “Bereket” we “Ak ýaýla” demir ýol stansiýalaryna hem saparda bolarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder