BILIM

“Rysgal” gazeti : Makul Sözlük-Akylly sözlük

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hepdelik neşir edilýän “Rysgal” gazetiniň täze sanynda “Makul Sözlük-Akylly sözlük” ady bilen makala neşir edildi. Gazetiň 2022-nji ýylyň 10-nji oktýabrdaky sanyndaky makalada hususanda şeýle diýilýär:

«Ma­kul söz­lük» www.ma­kul­soz­luk.com saý­ty ar­ka­ly he­re­ket ed­ýär. Il­ki­baş­da 2 dil­de, ýag­ny, türk­men we iň­lis dil­le­rin­de iş­läp baş­lan söz­lük hä­zir­ki wagt­da ge­ri­mi­ni has-da gi­ňelt­di. Türk­men, iň­lis, rus, türk dil­le­rin­dä­ki ilkin­ji on­laýn akyl­ly söz­lük ha­sap­la­nyl­ýan «Ma­kul söz­lükden» peý­da­la­ny­jy­lar haý­sy­-da bol­sa ýo­kar­da ag­zalan dil­le­riň bi­rin­dä­ki bir sö­zi «göz­leg» et­se, şol sö­züň 4 dil­dä­ki ne­ti­je­si ula­ny­jy üçin el­ýe­ter­li bo­lar. Bu bolsa peý­da­la­ny­ja bir wagt­da 4 dil­dä­ki söz­lü­gi ulan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ber­mek bi­len bir­lik­de, şu dört di­li öw­ren­mek üçin gol­lan­ma bo­lup hyz­mat eder. «Ma­kul söz­lü­giň» app­li­ka­si­ýa gör­nü­şi hem bar. Ony ula­ny­jylar yk­jam gur­luş­la­ra ýük­le­mek bi­len, is­len­dik ýer­de söz­lü­giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp bi­ler­ler. «Ma­kul söz­lük» off­li­ne hem iş­le­ýär, bu bol­sa ula­ny­jyla­ra in­ter­net bol­ma­dyk ýer­ler­de hem ulan­mak mümkin­çi­li­gi­ni ber­ýär.

 

Söz­lü­giň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň ses­li bol­ma­gy­dyr. Ýag­ny, «Ma­kul söz­lük» türk­men di­lin­de «gep­le­ýän» il­kinji söz­lük­dir. Ula­ny­jy­lar türk­men di­lin­dä­ki söz­le­riň di­ňe ýazma­ça gör­nü­şi­ni däl-de, eý­sem, ol söz­le­ri ses­li hem diň­läp bi­ler­ler.

«Ma­kul söz­lük» tas­la­ma­sy­nyň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa, söz­le­ri «ses­li göz­leg» bi­len tap­mak müm­kin­çi­li­gi­niň
bol­ma­gy­dyr. Ýag­ny, ula­ny­jy is­le­ýän we göz­le­ýän söz­le­ri­ni di­ňe ýa­zyp tap­mak däl, eý­sem, söz­lük­dä­ki ýö­ri­te prog­ramma­nyň üs­ti bi­len «ses­li göz­leg» edip ta­pyp bi­ler­ler. My­sal üçin siz «la­wy­er» sö­zü­ni eşit­di­ňiz we bu sö­züň ma­ny­syny bil­mek is­le­ýän bol­sa­ňyz, on­da «Ma­kul söz­lü­ge» «la­wy­er» di­ýip, aýt­ma­gy­ňyz ýe­ter­lik, ol si­ze bu sö­züň türk­men, rus, türk di­lin­dä­ki terjimesini aý­dar. Ýag­ny, «Ma­kul söz­lük» di­ňe «gep­le­me­ýär», eý­sem, eşid­ýän we eşi­den sö­zü­ni peý­da­lany­ja ta­pyp ber­ýän «akyl­ly» söz­lük­dir.

 

Sta­tis­ti­ki mag­lu­mat­la­ra gö­rä, iň­lis di­li­ni aka­de­mi­ki de­re­jede öw­ren­mek üçin 16 müň söz ýe­ter­lik ka­bul edil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da «Ma­kul söz­lük­de» je­mi 18,5 müň­den gow­rak söz bar. Bu bol­sa iň ýo­ka­ry de­re­je­de iň­lis di­li­ni öw­ren­mek üçin ýe­ter­lik söz gory bo­lup dur­ýar. Gel­jek­de «Ma­kul söz­lü­gi» iş­läp dü­zü­ji­ler iň­lis di­lin­dä­ki söz­le­riň je­mi­ni 20 mü­ňe ýe­tirmek is­le­ýär­ler. Şon­da söz­lü­ge öň go­şul­ma­dyk, tä­ze in­ter­net za­ma­na­syn­da dö­rän söz­ler has köp go­şu­lar. Söz­lük­de iň­lis di­li esasy dil hök­mün­de al­nyp, şol dil­dä­ki söz­le­riň si­no­nimle­ri­hem goş­ulanda, iňlis dilindäki sözleriň sany 25 müň­den gow­rak, türk­men di­lin­dä­ki söz­le­r 22 müň­den gow­rak, türk di­lin­dä­ki söz­le­riň sa­ny 25 mü­ňe go­laý, rus di­lin­dä­ki söz­ler hem 22 müň­den gow­rak­dyr.Söz­lü­gi iş­läp dü­zü­ji­ler gel­jek­de
söz­le­riň sa­ny­ny 100 müň­den ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

 

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

 

“Gepleýän” we “Eşidýän” ilkinji Akylly sözlük: Makul Sözlük

Ýene-de okaň

TOHU-da eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan açyk sapak geçirildi

HNGU-da emeli aň we wirtual aktiwler boýunça açyk sapak geçirildi

Moskwa döwlet dil uniwersiteti bilim meýilnamalaryna türkmen dilini goşar

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi