BILIM

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilimiň täze ulgamy güýje girer

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap ýokary bilimiň täze ulgamy güýje girer: şunda «bakalawr» we «magistr» derejeleri ýatyrylyp, olaryň ýerine esasy ýokary bilim we ýöriteleşdirilen ýokary bilim giriziler. Bu barada Döwlet Dumasyndaky Ylym we ýokary bilim boýunça komitetiň başlygynyň birinji orunbasary Kseniýa Gorýaçewa habar berdi.

Deputatyň bellemegine görä, esasy ýokary bilimiň okuw möhleti hünärine baglylykda 4 ýyldan 6 ýyla çenli bolar, ýöriteleşdirilen ýokary bilim bolsa 1 ýyldan 3 ýyla çenli dowam eder. Ýöriteleşdirilen ýokary bilim magistraturanyň täzelenen görnüşi bolup, hünär, dolandyryş we ylmy-barlag ugurlaryny öz içine alar.

Möhüm täzelikleriň biri-de döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw orunlaryna elýeterliligiň giňeldilmegi bolar. Ozal ýöriteleşdirilen ýokary bilim (spesialitet) tamamlan uçurymlar magistraturada döwlet ýerleri üçin dalaş edip bilmeýärdiler, indi bolsa islendik esasy ýokary bilim maksatnamasynyň uçurymy döwlet ýerleri boýunça bäsleşige gatnaşyp biler. Aspirantura bolsa hünär biliminiň aýratyn derejesi hökmünde tapawutlandyrylar.

Bu özgertmeler häzirki wagtda okaýan talyplara degişli bolmaz — bakalawr,  hünärmen ýa-da magistratura maksatnamalary boýunça okaýanlaryň hemmesi okuwlaryny häzirki hereket edýän standartlar boýunça tamamlarlar. Täze düzgünler diňe 2026/2027-nji okuw ýylyndan başlap ýokary okuw mekdeplerine girýän dalaşgärlere degişlidir.

Bu özgertme birnäçe ýylyň dowamynda taýýarlanylyp, synag taslamalarynyň netijelerine esaslanýar. 2023–2026-njy ýyllarda Russiýada alty sany ýokary okuw mekdebinde bu täze model hakyky okuw işinde synagdan geçirildi.

Bolonýa ulgamyndan ýüz öwürmek baradaky ara alyp maslahatlaşmalar 2022-nji ýylda başlanypdy.

Deputatyň bellemegine görä, bu geçiş aýratyn-da inženerçilik we ýokary tehnologik hünärler üçin örän möhümdir. Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, täze ulgama köpçülikleýin geçiş 2027/2028-nji okuw ýylyna meýilleşdirilýär we eýeçilik görnüşine hem-de edara tabynlygyna garamazdan ýurduň ähli ýokary okuw mekdeplerini gurşap alar.

Ýene-de okaň

BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalaryndaky türkmen talyp ýaşlarynyň üstünlikleri

Amerikada mugt magistr okasyň gelýärmi?: Fulbrught Foreign study programme

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly elektron žurnaly döredilýär

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ADA uniwersitetiniň arasynda wideomaslahat geçirildi

Bilimde halkara hyzmatdaşlygy: Kembrije okuw sapary

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Biznes Iňlis dili” okuwyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri