Russiýa kosmos ulgamynda, şol sanda türkmen kosmonawtlaryny taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.
“TASS” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, “Kosmosdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz uly mümkinçiliklere eýedir. Biz hemra öndürmek we uçurmak, nawigasiýa tehnologiýalary, dürli ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar boýunça hyzmatdaşlyga taýýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň gyzyklanmasy bolan ýagdaýynda, Russiýa türkmen kosmonawtyny uçuşa taýýarlap biler diýip pikir edýärin”, – diýip, ol Kosmonawtika gününiň öňüsyrasynda Aşgabatdaky Rus öýünde Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül goýmak dabarasynda aýtdy.
Ilçi şeýle hem Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko barada durup geçdi.
“Bizim döwrümizde kosmosy özleşdirmek Çärjewda doglan, Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany, Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň ýolbaşçysy Oleg Kononenko aýratyn orun eýeleýär. Onuň altynjy uçuşy ýakyn güýzde meýilleşdirilýär. Bilşiňiz ýaly, öňki kosmos saparlarynda ol asman giňişliginde galmak dowamlylygy boýunça rekord goýdy — 1110 günden gowrak”, – diýip ilçi aýtdy.
12-nji aprelde Russiýada Kosmonawtika güni bellenilýär — bu baýram 1961-nji ýylda ilkinji kosmonawt Yuri Gagarin tarapyndan amala aşyrylan uçuşa bagyşlanýar.
