DÜNÝÄ

Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň goranmak ministrleriň duşuşygy

Russiýanyň paýtagty Moskwada Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň goranmak ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Şu formatdaky duşuşyk ilkinji gezek geçirildi.

GDA-nyň resmi saýtynda habar berlişine görä, bu duşuşyga Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Gazagystanyň goranmak ministri Ruslan Žaksylykow, Gyrgyz Respublikasynyň goranmak ministri Baktybek Bekbolotow, Täjigistanyň goranmak ministri Şerali Mirzo we Özbegistanyň goranmak ministri Bahodir Kurbanow gatnaşdy.

Duşuşykda Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Goranmak ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselelere garaldy.

Taraplar ählumumy howpsuzlyk we dürli wehimlere garşy göreşmek ugurlary maslahatlaşdylar.

Soňky döwürde Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär.

Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda parlament ugry boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle hem zenanlar dialogy boýunça gatnaşyklar ýola goýlup başlady.

Şol bir wagtda Moskwa şäherinde GDA-nyň agza döwletleriň goranmak ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

 

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek isleýänler üçin

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk