BIZNES

Russiýa bilen Hytaýy birleşdiren ilkinji awtomobil köprüsi

Russiýa bilen Hytaýy birleşdirýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Bu ägirt uly taslama Amur derýasynyň üstünden guruldy. Ol russiýanyň Blagoweşensk şäheri bilen Hytaýyň Heýhe şäherlerini birleşdirdi. Bu köprüniň açylyş dabarasy sanly ulgam arkaly geçirilip, Ol Pekin, Moskwa we Wladiwostok şäherlerinden alnyp berildi.

Köprüniň açylmagy bilen ilkinji ýük ulaglary gatnap başlady. Hytaýa Russiýanyň suwuklandyran gazyny daşaýan 8 ýük ulagy bu köprüden geçen ilkinji ulaglar boldy. Şeýle hem Hytaýa tarapyndan dürli ýük ulaglary hem öz gatnawlaryny amala aşyrdy.

Bu köprüniň gurluşygyna 2016-njy ýylda badalga berildi. Köprüniň uzynlygy 1080 metr bolup, Her iki tarap bu köprüniň 540 metrini gurdy. Köprüniň käbir bölekleri her iki kenarda bir wagtda amala aşyryldy we ol 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda birleşdirildi.

Her gün bu köprüden 600 töweregi ýük ulagynyň geçmegine garaşylýar.

 

Bir barmagyň “Ginneslik” güýji

Ýene-de okaň

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar