DÜNÝÄ

Rus senatorlary Halk Maslahatynyň Başlygynyň parlament diplomatiýasyna ýokary baha berýärler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Russiýanyň parlament wekilleriniň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyga gatnaşan Russiýanyň Federal Geňeşiniň halkara gatnaşyklary komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin hem-de Federal Geňeşiň komitetiniň birinji orunbasary Wladimir Jabarow Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parlament diplomatiýaysna ýokary baha berdiler. 

Senatorlar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary, geljek döwür üçin iki ýurduň arasyndaky parlament gatnaşyklarynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryny, Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we baha berdiler.

Wladimir Jabarow Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belläp, rus parlament wekilleriniň Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändiklerini mälim etdi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň parlamentara forumynyň hemişelik hereket edýän sekretariatyny döretmek baradaky başlangyjyny goldaýandyklaryny belledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň parlamentara forumy Aşgabatda üstünlikli geçirilipdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy