DÜNÝÄ

Rus ilçisi: 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti 4 gezek Russiýada saparda boldy

Her ýylyň 10-njy fewralynda Russiýa Federasiýasynda hünär baýramy – 2002-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kabul eden karary bilen Diplomatik gullugynyň işgärleriniň güni bellenýär. Bu baýramçylyk diplomatik gullugyň işiniň jemgyýetçilik tarapyndan ýokary ykrarnamasy bolup durýar. 

Bu möhüm senä bilen baglynyşykly Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde makala bilen çykyş etdi. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy 191 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklar saklaýar we 149 döwletde ilçihanasy bar. Müňlerçe rus diplomatlary daşary ýurtlardaky rus diplomatik wekilhanalarynyň 240-dan gowragynda iş alyp barýar.

Ilçi öz makalasynda türkmen-rus gatnaşyklaryna barada hem durup geçipdir.

– Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döredijilikli başlangyçlary bilen türkmen-rus gatnaşyklary ajaýyp netijeleri berýär. 2024-nji ýylda işjeň dialogyň şaýady bolduk. Türkmenistanyň Prezidenti 4 gezek Russiýada saparda boldy. Oktýabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Russiýanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklarynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň esasyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goýandygy birnäçe gezke belläp geçdi – diýip, ilçi belledi.

Şeýle hem ilçi 2025-nji ýylda Türkmenistanyň BMG tarapyndan 2 gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini belläp, Russiýanyň ählimumy durnuklylygy we geosyýasy deňagramlylygy üpjün etmäge uly goşant goşýan Türkmenistanyň Hökümetiniň saýlap alan daşary syýasat ugruna uly hormat goýýandygyny belledi.

Russiýanyň ilçisi Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň hünär baýramçylygynyň bellenýän seneleriň biri-birini yzarlaýandygyny belläp, şu pursatdan peýdalanyp, golaýlap gelýän hünär baýramçylygy – 18-nji fewralda bellenýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli öz kärdeşlerini gutlady.

Ýene-de okaň

Gwatemala Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär

Tramp 9-njy fewraly “Amerika aýlagy” güni yglan etdi

16 dalaşgärli prezident saýlawlary

Türkiýäniň Prezidenti 3 ýurtda resmi saparda bolar

Karib deňzinde 7,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy