SPORT

Rus boksçy çempionlyk derejesini tassyklady

Russiýaly boksçy Dmitriý Biwol 9-njy gezek Bütindünýä boks assosiasiýasy (WBA) boýunça dünýä çempionlygy derejesini goramagy başardy. Ol ýarym agyr agramda (79,38 kg çenli) çykyş edýär.

12 döwden ybarat boks tutluşygy Las-Wegasda geçirildi. Rus boksçy meksikaly garşydaşy Saul Alwaresi eminleriň çykaran netijesi bilen 115:113, 115:113, 115:113 hasabynda ýeňdi.

Biwol 2017-nji ýyldan bäri WBA-nyň derejesini göterýä. Sankt-Peterburgly türgen 2016-njy ýylda Dominik Feliks Walerany ýeňmegi netijesinde karýerasyndaky ýedinji tutluşygynda WBA wagtlaýyn dünýä çempiony boldy. Täze Zelandiýaly Robert Burrij bilen geçirilen bäsleşikde kemerini goran Biwol dünýä çempiony diýlip yglan edildi.

2017-nji ýylyň noýabr aýynda Biwol çempionlyk tutluşygynda ilkinji üstünligini gazandy. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda rus boksçy WBA dünýä superçempiony diýen derejä eýe boldy.

31 ýaşly Biwol henizem professional meýdançada ýeňilmän gelýär. Ol 20 ýeňiş (11 nokaut bilen) gazandy.

 

30-njy gezek çempion boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy