DÜNÝÄ

Rumyniýanyň metbugatyna Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Şu günler ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary tarapyndan, ýagny Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyk gulluklary tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheri bilen tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.

Bu tanyşdyrylyş dabaralarynda Arkadag şäherindäki desgalaryň, jaýlaryň, ýollaryň «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýandygy aýratyn bellenilip geçilýär.

Ine, şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndna hem guraldy. Oňa bu ýurduň iri habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Rumyn metbugatynyň wekiller yagny “Natioanal Television Agency TVR”, “AGERPRESS”, “International Radio of Romania”, “PrahovaBusiness we BucurestiBusiness”, “Diplomatie Club”, “Balkan Gazetesi”” ECOPOLITIC news”  ýaly iri metbugat guramalaryna täze Arkadag şäheriniň gurlyşygy bilen tanyşdyryldy.

Rumyniýanyň metbugatynyň wekilleri Arkadag şäherindäki infrastrukturanyň häzirki zaman şäher gurluşygyna laýyklykda we ýaşaýjylar üçin amatly şertlerde gurulýandygy hem-de halkara derejesinde nusgalyk şäher boljakdygy barada maglumat aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi