JEMGYÝET

Rumyniýanyň parlamentinde türkmen medeni we sungat işleriniň sergisiniň açylyşy

2019-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Rumyniýanyň parlamentiniň binasynyň “Konstantin Brankuşi” atly zalynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýa-Türkmenistan parlamentara dostluk topary bilen bilelikde türkmen medeni we sungat işleriniň milli sergisini guradylar.

Serginiň açylyş dabarasynda Parlamentiň deputatlary, Buharestde akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy we medeni işgärler, ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Rumyniýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi we Rumyniýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşlarynda bu serginiň Türkmenistanyň we Rumyniýanyň dostlukly halklarynyň arasyndaky medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny has hem berktimekde ähmiýetli boljagyny bellediler.

Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň owadan fotosuratlary, milli şaý-sepler we türkmen el halylary,  türkmen suratkeşleriniň çeken suratlary, milli egin-eşikler, türkmen zenanlarynyň çeper el keşdeleri, türkmen saz gurallary, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary we Türkmenistan barada beýleki maglumatlar görkezilendir.

Türkmen tagamlarynyň myhmanlara hödürlenmegi bu dabaraly çäräniň ýene bir esasy bölegi boldy.

Türkmen medeniýet we sungat işleriniň sergisi 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar