SPORT

Ronaldonyň taryhy rekordy: iň köp gol geçiren futbolçy

Portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo häzirki wagtda çykyş edýän Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýurduň Superkubogynyň final duşuşygynda “Napoli” toparyna gol geçirip, resmi duşuşyklardaky gol sanyny 760-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol futbol taryhynyň iň köp gol geçiren futbolçysy derejesini eýeledi.

Ronaldonyň iň ýakyn bäsdeşi hökmünde görkezilen Lionel Messi 719 gol bilen 5-nji orunda barýar.

Dünýäniň iň köp gol geçiren futbolçylary:

760 – Ronaldo

759 – Ýosef Bijan

757 – Pele

743 – Romario

719 – Lionel Messi

RONALDONYŇ 33-NJI KUBOGY

Şeýle hem Kristiano Ronaldo karýerasyndaky 33-nji kubogyny aldy. Bu ugurda Messiniň 34 kubogy bar.

Ronaldo, “Ýuwentus” toparyndaky karýerasynda iki gezek “Serie A” çempionatynyň çempiony bolmak bilen iki gezek Italiýanyň Superkubogyny aldy

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi