SPORT

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Saud Arabystanyň Superkubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al-Nasr” topary bilen “Al-Ahli” topary duşuşdy. Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy.

Kubogyň eýesini 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Munda “Al-Ahli” topary “Al-Nasr” toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, “Al-Ahli” topary täze möwsüme kubok bilen başlap, taryhynda 2-nji gezek Saud Arabystanynyň Superkubogyny gazandy.

“Al-Ahli” toparynyň düzüminde derzeweçi Eduard Mendi, Frank Kesse, Riýaz Mahrez ýaly Ýewropa ligalarynda çykyş eden meşhur futbolçylar oýnaýar.

Final duşuşygy Gonkongda geçirildi. “Al-Nasr” toparynda 41-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Kristiano Ronaldo we 82-nji minutda Marselo Brozowiç tapawutlandy.

Kubogy gazanan “Al-Ahli” toparyndan 45+6-njy minutda Fransk Kesse we 89-njy minutda Rožer Ibanes gol geçirdi.

Ronaldo “Al-Nasr” toparynyň düzüminde 100-nji goluny geçirdi we ol toparyň iň köp gol geçiren 3-nji futbolçysy boldy. Ronaldo bu topary 2022-nji ýyldan bäri çykyş edýär we golaýda ýene-de täze şertnama baglaşypdy.

Saud Arabystanynyň Superkubogyny iň köp gazanan topar “Al-Hilal” topary bolup, bu topar 5 gezek bu naýbaşy kubogyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri