SPORT

Ronaldo çempionlykdan galdy, “Al-Hilal” – çempion

Dünýäniň köp sanly futbolçylaryny satyn alyp, ünsi özüne çeken Saud Arabystanyň futbol çempionatynda çempion belli boldy. Yzygiderli ýeňişler gazanyp, dünýä rekordyny eýesi bolan “Al-Hilal” topary 19-njy gezek çempion boldy.

Portugaliýaly tälimçi Žorže Žezuşyň şägirtleri “Al-Hilal” topary çempionatyň 31-nji tapgyrynda “Al-Hazem” toparyny ýeňip, çempionatyň tamamlanmagyna 3 hepde galanda çempionlygyny yglan etdi.

Er-Riýadyň futbol topary 31 duşuşykda 89 utuk jemledi. Meşhur portugal ýyldyz Kristiano Ronaldoly “Al-Nasr” topary bolsa, çempiondan 12 utuk yzda galdy.

Şeýlelikde, “Al-Hilal” topary özüniň 19-njy çempionlygyny gazandy. Çempion bolan toparyň düzüminde brazil futbolçylar Neýmar, Malkom, şeýle hem Sergeý Milinkowiç-Sawiç, Aleksandr Mitrowiç, Ruben Neweş, Kalid Kulibali, Ýassin Bunu ýaly futbolçylar bar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler