JEMGYÝET

Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly ady dakyldy

Şu gün 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Türkiýäniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesindäki ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşykly we netijeli häsiýetini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasy bilen strategik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Baştutanyny 70 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen türk Liderine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Rejep Taýyp Ärdogana bu ýokary adyň dakylmagy bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri