SPORT

“Real Madridiň” transfer maksady: Mbappe, Holand we Gnabri

Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” topary täze futbolçylary düzümine goşmak üçin 300 million ýewro sarp etmegi maksat edinýär. Toparyň satyn almagy meýilleşdiren futbolçylarynyň hatarynda Kilian Mbappe, Erling  Holand we Serž Gnabri bar.

Fransiýanyň “PSŽ” toparyndan Kilian Mbappeniň erkin futbolçy hökmünde “Realyň” düzümine goşulmagy göz öňünde tutulýar. Käbir çykdajylar göz öňünde tutulyp, Mbappeniň transferi üçin 80 million ýewro sarp ediler.

Şeýle hem “Real” topary Germaniýanyň “Borussiýa” toparynyň hüjümçisi Erling Holand bilen gyzyklanmagy dowam edýär. Bu futbolçy üçin 150 million ýewro sarp edilmegine garaşylýar.

Mundna başga-da, şa kluby “Monako” toparyndan Orelen Tçuameni we “Bawariýa” toparyndan Serž Gnabri bilen hem gyzyklanýar. Tçuameni üçin 60 million, Gnabri üçin bolsa 70 million ýewro göz öňünde tutulýar.

Mbappe, Holand we Gnabri gelen ýagdaýynda, “Realdan” Marko Asensionyň we Rodrigo Goesiň gitmegine garaşylýar.

 

 

Bruno Fernandes 2026-njy ýyla çenli galar

 

Ýene-de okaň

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri

Futbolda täze rekord

Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

“Al-Nasr” Kingsli Koman bilen şertnama baglaşdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň zenanlar küşt ýygyndysy halkara reýtingde ilkinji 50-lige girdi