UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyny 2:1 hasabynda utan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary 18-nji gezek bu ýaryşyň finalynda çykyş eder. Final duşuşygy 1-nji iýunda Angliýanyň meşhur “Uembli” stadionynda oýnalar. Finalda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary bilen “Real Madrid” duşuşar.
“Real Madrid” topary bu ýaryşyň finalyna jogap duşuşygynda 88-nji we 91-nji minutlarda geçiren gollary bilen çykmagy başardy. 1:0 hasabynda utulyp barýan “Real” topary Hoselunyň gollary bilen nobatdaky üstünligini gazanmaga bir ädim galdy.
“Real Madrid” topary 18-nji gezek finala çykyp, 15-nji gezek bu kubogy galdyrmak mümkinçiligine eýe bolar. Mundan ozal, “Real Madrid” topary bu ýaryşda 14 gezek çempion bolup, rekord görkezijä eýedir. Şa topary 1956-njy ýyldan başlap, 1957-nji, 1958-nji, 1959-njy, 1960-njy, 1966-njy, 1998-nji, 2000-nji, 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji, 2018-nji we 2022-nji ýyllarda Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.
2023-2024-nji möwsümde Ispaniýanyň hem çempiony bolan “Real Madrid” topary möwsümi ýene-de bir ajaýyp kubok bilen jemlemeig maksat edinýär.
Germaniýanyň “Bawariýa” topary bolsa, möwsümi şowsuzlyklar bilen tamamlady. Hiç hili kubok gazanyp bilmedi, toparyň baş tälimçisi Tomas Tuhel wezipesinden boşadyldy. German topary 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek kuboksyz galdy.
