JEMGYÝET

Rahatlyk berýän miweler

Miweleri dilimlemek işiniň tersine görkezilýän görnüşleri Internetde «Tersine terapiýa» ady bilen meşhur boldy. Çünki şeýle wideogörnüşleriň adamlary rahatlandyrýandygyny lukmançylyk ylmy subut etdi.

Hut, şonuň üçin hem Internetde we käbir sosial aragatnaşyk torlarynda pomidor dilimlemek ýa-da mandariniň gabygyny aýyrmak bilen bagly wideogörnüşler ulanyjylary özüne çekýär. Ýöne bu görnüşlerde aýratyn bir täsir bar: bolup geçýän hadysalary tersine görkezýän görnüşlerde, hamana, dilimler birleşip, bitewi pomidor emele gelýär.

Şeýle wideogörnüşleriň aglabasyny litwaly sungat işgäri Lias Lakawiçius Wirfield Lab taýýarlaýar. Aslynda, onuň görnüşleri köpugurlydyr. Ýöne ählisi bir maksada ― adamlaryň dartgynlylygyny aýyrmaga, olary rahatlandyrmaga hyzmat edýär. Hut, şonuň üçin hem bu görnüşler az salymda millionlarça adamy özüne çekýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady