DÜNÝÄ

Putin we dünýä liderleri Hytaýa bardylar

Hytaý Halk Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammitini kabul edýär. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bir hatarda 20-den gowrak ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýyň Týanszin şäherine bardylar.

Wladimir Putiniň bu gezekki Hytaýa sapary 4 gün dowam edip, ol Týanszin we Pekin şäherlerinde bolar.

Şu gün Týanszin şäheriniň “Meýszýan” halkara kongres-sergiler merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Sammitiň dabaraly duşuşygy we däp bolan bilelikde surata düşmek dabaralaryndan soňra sammite gatnaşmaga gelen liderler üçin resmi kabul edişlik çäresi we konsert maksatnamasy guralar.

Hytaý tarapy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammitini 5-nji gezek kabul edýär. Şu gezekki sammit iň köp gatnaşyjyly bolar. Oňa 20-den gowrak döwlet lideri hem-de 10-dan gowrak halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem bu sammite gatnaşýar.

Forumyň dowamynda Týanszin Jarnamasyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Birleşigiň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny beýan etjek 2035-nji ýyla çenli ŞHG-nyň Ösüş strategiýasyny tassyklamaly bolarlar.

Häzirki wagtda ŞHG-a 10 agza döwlet (Russiýa, Belarus, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan), 2 synçy ýurt (Owganystan we Mongoliýa) we 14 dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlar (Azerbaýjan, Ermenistan, Bahreýn, Müsür, Kamboja, BAE Müsür, Katar ýaly üç yklymy öz içine alýan ýurtlar jemleýär.

ŞHG 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda Şanhaýda döredildi. Ilkibaşda alty ýurt – Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan bardy. 2017-nji ýylda Hindistan we Pakistan, 2023-nji ýylda – Eýran, 2024-nji ýylda – Belarus goşuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi