Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlary özara gatnaşyklaryň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. ABŞ-nyň Prezidenti öz tarapyndan gaznaylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek üçin tagalla ediljekdigini belledi.
Söhbetdeşler halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Wladimir Putin amerikaly kärdeşiniň esasy ýörelgeleriniň birini goldap, iki ýurduň bilelikde iş alyp barmagynyň wagtynyň gelendigini aýtdy.
Şeýle hem taraplar Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar, şeýle hem ykdysady pudaklarda rus-amerikan gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar.
Russiýanyň Prezidenti Donald Trampy Moskwa sapar bilen çagyrdy.
Wladimir Putin we Donald Tramp özara gatnaşyklary dowam etdirmek, şol sanda özara duşuşyklary guramak babatda ylalaşdylar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamyň žurnalistleri bilen bolan söhbetdeşliginde rus kärdeşi Wladimir Putin bilen özara duşuşygynyň Saud Arabystanyda bolup biljekdigini belledi.
Ol Saud Arabystanyda ilkinji gezek duşuşyp biljekdiklerini belläp, Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet ben Salmanyň bu duşuşygy guramaga gatnaşyp biljekdigini belläp geçdi.
Putin bilen Trampyň telefon söhbetdeşligi Amerikanyň Prezidentiniň wezipesine girişmeginden 23 gün soňra amala aşyryldy.
Donald Tramp ozalky 5 ýyllyk prezidentlik döwründe Putin bilen 20 gezek telefon söhbetdeşligini geçiripdir we taraplaryň 6 gezek özara duşuşygy gurnalypdyr.
Tramp bilen Putin ozal Germaniýada we Wýetnamda halkara sammitleriň çäklerinde, Helsinkide, Parižde, Buenos-Aýresde we Osakada özara ikiçäk duşuşypdy.