Geçen möwsümde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çempiony bolan Fransiýanyň «PSŽ» topary 2:0 hasabynda utulyp gelýän duşuşykda, hasaby deňläp, 11 metrlik jerime urgylary arkaly Angliýanyň “Tottenhem” toparyny ýeňip, ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazandy.
Esasy wagt 2:2 hasabynda tamamlandy, oýun soňundaky 11 metrlik jerime urgurlarynda parižliler has takyk oýnap — 4:3 ýeňiş gazandy.
«Pari Sen-Žermen» UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy. Fransuz topary Angliýanyň «Tottenhem» klubuny ýeňdi. Esasy wagt 2:2 hasabynda tamamlandy, 11 metrlik jerime urgularynda bolsa «PSŽ» 4:3 hasabynda üstün çykdy.
«Tottenhem» 2:0 öňe geçdi: 39-njy minutda Mikki wan de Wen, 48-nji minutda bolsa Kristian Romero tapawutlandy. «PSŽ» bolsa oýnuň soňky minutlarynda hasaby deňledi — 85-nji minutda Li Kan In, 90+4-nji minutda bolsa Gonsalu Ramuş gol geçirdi.
Oýnuň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. «PSŽ»-de Gonsalu Ramuş, Usman Dembele, Li Kan In we Nuno Mendeş pökgüni dürs urdy, Witinýa bolsa şowsuz boldy. Londonlylarda Dominik Solanke, Rodrigo Bentankur we Pedru Porru gol geçirdi, Mikki wan de Weniň urgusyny Lukas Şewalýe saklady, Matiss Tel bolsa pökgüni derwezeniň daşyna iberdi.
Bu kubok «PSŽ»-niň taryhynda ilkinji UEFA Superkubogy boldy we umuman Fransiýa toparlary üçin hem ilkinji UEFA-nyň Superkubogy boldy: mundan ozal Fransiýanyň hiç bir topary bu ýaryşda ýeňiş gazanmandy.
Mundan öň parižliler Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Fransiýanyň kubogyny we Fransiýanyň Superkubogyny gazanypdy. Şeýle hem olar klublaryň dünýä çempionatynyň finalyna çykyp, ol ýerde «Çelsi» tarapyndan 0:3 hasabynda utulypdylar.
