SIZDEN GELENLER

Psihologiýa we kämil bilim

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, ata Watana, il-güne wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm işler durmuşa geçirilýär. Çünki ýurdumyzyň döwlet syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgeden ugur alýar. Jemgyýetiň ösüş derejesi adam hakynda edilýän alada bilen kesgitlenýär.

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň ösmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň mundan beýläk hem has gowulanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilip, möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şu asylly maksatlara eýerilip, geçen gysga taryhy döwrüň içinde ýurdumyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, medeni hem-de sport toplumlarynyň ýüzlerçesi guruldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen orta we ýokary okuw mekdepler ylmyň iň täze gazananlary bolan multimedia tehnologiýalary bilen yzygider üpjün edilýär.

 Innowasion tehnologiýalary ulanmak okatmagyň hiline we mugallymlaryň hünär derejesine täze talaplar bildirýär. Şol talaplaryň biri hem mugallymyň hünärine pedagogik-psihologik taýdan çemeleşmesidir. Eger psihologiýa ynsanyň içki dünýäsi we onuň ösüş kanunlaryny göz önünde tutmagy öwredýän bolsa, pedagogika onuň içki dünýäsine adamkärçilik sypatlarynyň terbiýelenmegine täsir edýän serişdeleri, usullary salgy berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagyň hem-de pedagogikanyň innowasion ulgamlary giöden ornaaşdyrmak bilen psihologiýa dersine hem aýratyn ähmiýer berilýär.

Jemgyýetçilik we şahsy tejribeden gelip çykýan durmuşy psihologik maglumatlar ylymdan öňki psihologik maglumatlary döredýär. Olar göwrümi boýunça örän uly bolup, belli bir derejede adama beýleki adamlaryň özüni alyp barşyna dogry düşünmeklige ýardam edip biler. Emma tutuşlygyna alanyňda bu bilimleriň sistematik, subut edijilik ukybynyň ýoklugy sebäpli adamlar bilen işlemekde (pedagogik, sagaldyş, guramaçylyk işlerinde we beýlekilerde) psihika hakynda ylmy, obýektiw we takyk bilimleri talap edýän, adamyň özüni alyp barşyny degişli ýagdaýlarda öňünden görüp bilmeklige daýanç esasy bolup bilmeýärler.
Eýsem p sihologiýany ylmy taýdan öwrenmekligiň predmeti nämeden ybarat? Bu ilki bilen hil we san taýdan häsiýetlendirilýän psihiki durmuşyň anyk faktlarydyr.
Meselem, adamyň daşky predmetleri kabul ediş prosesini öwrenende psihologiýa şeýle bir möhüm fakty mälim etdi: predmetiň gözden aradaşlygyna we beýleki şertleriň üýtgemekligine garamazdan, onuň obrazy otnositel hemişeligini saklaýar. Meselem, şu setirler ýazylan sahypa gündizlikde, alagaraňkyda, elektrik yşygynyň astynda ak reňkde kabul edilýär, emma
kagyzyň goýberýän yşygynyň fiziki häsiýeti dürli yşyklandyrma ýagdaýynda dürli-dürlüdir. Bu ýagdaýda biz
psihologik faktyň hil häsiýetnama syny görýäris. Psihologik fakty hil häsiýetnamasyna mysal hökmünde adamynyň özüne edýän daşky täsire reaksiýasynyň wagtynyň ululygyny görkezmek bolar.
Emma ylmy psihologiýa, näçe gyzykly bolsa-da, diňe psihologik faktlary beýan etmek bilen çäklenip bilmez. Ylmy derňew faktlary bellemekden olary düşündirmeklige geçmegi talap edýär. Beýle diýmek bu hadysalaryň kanunlaryny ýüze çykarmaly diýildigidir. Şonuň üçin-de psihologiýanyň predmeti psihologik faktlar bilen bir hatarda psihologik kanunlary öwrenmek bolup durýar.
Şonuň üçin häzirki zaman ylymlaryny innowasion tehnologiýalar biln bilelikde psihologiýa taýdan hem öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar.

Mährijemal Çaryýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri