SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Prosenko: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň “ýol-kartasyny” taýýarlarys

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýa Federasiýasynyň zähmet gahrymany, Moskwa şäheriniň baş anesteziolog-reanimatology, Aşgabatda doglan Denis Prosenko Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň “ýol kartasynyň” ýene-de 2 hepdeden taýýar ediljekdigini belledi.

Ýerli metbugata beýanat beren ilkinji lukmançylyk bilimini Aşgabatda alan rus lukmany Prosenko türkmen kardeşlerini rus klinikalaryna çagyrýandyklaryny belläp, hem amaly hem-de nazary ulgamda tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny aýtdy.

Anesteziolog-reanimatolog lukmany Prosenko türkmen kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belläp, rus hünärmenleriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary baha berendigini belledi.

Rus saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde lukmançylyk uniwersitetinde, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara hirurgiýa merkezinde we beýleki lukmançylyk edaralarynda boldular.

Hünärmenleri taýýarlamak ugruna deginip geçen Prosenko täze dörediljek türkmen-rus uniwersitetinde lukmançylyk fakultetiniň bolmalydygyny we boljakdygyny mälim etdi.

Türkmenistana sapara gelen Russiýanyň lukmançylyk wekiliýetiniň düzüminde saglygy gpraýyş ministriniň orunbasary Tatýana Semenowa, N.N.Blohin adyndaky milli lukmançylyk ylmy-barlag onkologiýa merkeziniň direktory Iwan Stilidi, A.S.Loginow adyndaky Moskwanyň kliniki, ylmy-tejribe merkeziniň direktory Igor Hatkow, Moskwanyň «Kommunarka» köpugurly kliniki merkeziniň baş lukmany Denis Prosenko we beýleki bar.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler