JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler. Saparyň dowamynda gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri tebigy gaz üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek bolar. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Bairaktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşygynda habar berdi.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Aşgabada saparyň dowamynda Türkiýe bazary üçin türkmen tebigy gazynyň möçberini artdyrmak meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşylar.

“Türkiýe bazary, şeýle hem, meniň pikirimçe, Ýewropa bazary üçin Türkmenistanyň gazynyň iberilmeginiň başlanmagy möhüm tapgyr boldy. Çünki türkmen gazyny Günorta gaz geçelgesi arkaly Ýewropa eltmek babatda uly mümkinçilik bar. Emma bu diňe bir ädimdir. Biz Türkmenistanyň gazynyň 1,3 milliard kub metrini almagy maksat edinýäris. Indiki hepde Prezident Ärdogan bilen bilelikde Aşgabada sapar ederis” diýip, Baýraktar belledi.

Türkiýe Eýran üsti bilen swap görnüşinde getirilýän türkmen gazynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär. Şu ýylyň mart aýynda iki ýurt Türkmenistandan 1,3 milliard kub metr gaz boýunça bir ýyllyk şertnama gol çekipdi. Ministriň aýdmagyna görä, şol möçberiň takmynan 0,5 milliard kub metri eýýäm import edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri