SIZDEN GELENLER

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bilim we ylym ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynyň wajyp şerti bolan ylma esaslanmagyň, tehniki-ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanmagynyň netijelerinde aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýip belleýär. Ýagny, bilim ulgamyny kämilleşdirmek islendik jemgyýetiň ösüşiniň esasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Biz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim ulgamynyň döwrebap ösüşini üpjün etmegi göz öňünde tutduk» diýip nygtaýar. Şeýle hem bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmakda, ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha esaslanýan işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň taryhy döwürleriň dowamynda durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, şonuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesinden peýdalanmak däbe öwrüldi.

Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda giň tagallalar edilýär we olara pedagogika we psihologiýa ugry boýunça hem döwrebap bilim berilýär. Ýaş nesle ylym-bilim, terbiýe bermekdäki esasy wezipe pedagogikanyň paýyna düşýär. Pedagogikanyň esasy maksady sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Pedagogika mugallymçylyk we okatmak bilen baglanyşykly bilimleriň bir ugry. Psihologiýa asyrlar boýy pedagogikanyň ýoldaşy bolup gelýär, sebäbi okuw işinde ýaşlaryň psihologiki aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak zerur. Şeýle hem okuw işinde aýratynlyklaryny öwrenýän psihologiýanyň ýörite bölümi bar. Oňa hem pedagogiki psihologiýasy diýilýär.   “Umumy pedagogika we pedagogik psihologiýasy” okuwynyň okuw maksatnamasynda berlen temalaryň mazmunynda şahsyýetiň aňyýet aýratynlyklary baradaky maglumatlar, adam aňyýeti we onuň ösüş ýollary baradaky düşünjeler beýan edilýär. Şahsyýetiň duýup, kabul etmeleriniň, ýadynyň, pikirlenmesiniň we sözleýşiniň, hyýala getirmeleriniň, erkiniň we duýgularynyň dürli derejeleri öwredilýär. Maksatnama geljekki kämil şahsyýeti terbiýelemekde dürli usullaryny, tärlerini dogry saýlap almagy we olary döredijilikli peýdalanmagy öwreder.

Şeýlelik bilen, pedagogika tutuş psihologiýa aralaşdy. Bu, psihologlaryň pedagogiki ýörelgeleri we meseleleri gowy bilmelidigini, şeýle hem adamlar bilen işlerinde mugallymçylyk sungatyny ulanmalydygyny aňladýar. Bu okuwyň maksatlary bilen baglanyşyklylykda, bu psihologiýa we pedagogikanyň gazananlaryny göz öňünde tutmak, şeýle hem mugallymçylyk işinde ulanmak üçin öz pozisiýasyny anyk kesgitlemegiň zerurdygyny aňladýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta mekdeplerinde pedagogika we psihologiýa dersleri okadylyp, bu ugurda ýaşlaryň geljekde öz ylmy başarnyklaryny göwnejaý derejede berjaý etmegine ýardam edýär. Biziň baýry mugallymçylyk mekdebimizde hem ýaşlaryň kämil bilimli bolup, eline alan hünärleri boýunça geljekde ýaş türkmenistanlylary ýetişdirmekde pedagogiki tejribesinden giňden peýdalanmagy ugrunda tagalla edilýär.

Garaşsyz döwletimiziň ylym ulgamyny rowaç menzillere galkyndyryp, mähriban Watanymyzyň at-owazasyny arşa ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maýa Jumakowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa usuly

birleşmesiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy.

Ýene-de okaň

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany

Döwrebap bilim — kämil ýaşlar