JEMGYÝET

Paýtagtymyzda täze taslamalar :15 gatly ýaşaýyş jaýlar

Şu günhormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

  • Milli  Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi. Şolary 2020 — 2030-njy ýyllarda Bagtyýarlyk etrabynda gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
  • Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 8-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olar umumylykda 2560 çaga niýetlenendir.
  • Şeýle hem her biri 960 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy göz öňünde tutuldy. Olar jemi 5760 okuwça niýetlenendir.
  • Şeýle hem bu ýerde Medeniýet öýi, Saglyk öýleriniň ikisi we Bagt köşgi gurlar.
  • Bu  ýerde jemi 564 gektara barabar meýdanda ýaşaýyş jaýlarynyň 184-si ýerleşdiriler. Şolar umumylykda 16 müň 614 öýli 15 gatly we 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr.
  • Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary jemi 74 müň 800 maşgala niýetlenendir.
  • Her  biri 88 öýli 15 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 72-si bolup, şolaryň 28-si üç otagly, 60-sy bolsa 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Umuman, bu jaýlar jemi 6 müň 336 maşgala niýetlenendir.
  • Bu ýerde şeýle möçberdäki maşgalalara niýetlenen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 66-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolarda jemi 96 öý bolup, 60-sy üç, 36-sy bolsa dört otagly öýlerdir.
  • Ýene-de iki toplumdan ybarat bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýlary jemi 4 müňe golaý öýden ybarat bolar.
  • Mundan başga-da, awtomobil ulaglarynyň duralgalarynyň, hyzmat öýleriniň, 1 müň 500 orunlyk stadiony bolan sport toplumynyň, çagalar döredijilik merkeziniň, 48 gektara barabar meýdany bolan seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň, jemagat hojalyk binalarynyň we söwda merkezleriniň hem-de inŽener-kommunikasiýa ulgamlarynyň we toplumlaryň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.
  • Hormatly  Prezidentimiz Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň täze binalarynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Olary 10 ýyl abadançylyk köçesiniň ugry boýunça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň garşysynda, ikinji görnüşi boýunça bolsa, Arçabil şaýolunyň ugrunda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň garşysynda ýerleşdirmek teklip edilýär. Baş meýilnama laýyklykda bu okuw mekdepleriniň toplumyna, esasy binalardan başga-da, konsert zallary, umumy ýaşaýyş jaýlary we sport merkezi we stadion, dynç alyş zolagy, duralgalar girer.
  • Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň goşmaça binalar toplumynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw merkeziniň we onuň iki sany umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, köp gatly awtomobil duralgalarynyň, gül bazarynyň gurluşygynyň taslamalary hödürlenildi.
  • Döwlet Baştutanymyz Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çyzgylaryna aýratyn ünsi çekdi. Şäheriň sazlaşykly ösýän bu künjeginde çagalar baglaryny, mekdepleri, ýylda 40 müň näsagy kabul etmäge niýetlenen Saglyk öýüni, seýilgähleri we gök zolaklary gurmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys