JEMGYÝET

Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerini ýakyndan tanalyň!

Mälim bolşy ýaly, ýene-de sanlyjan günden, ýagny 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž  şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp, olar agyr atletika, dzýudo, ýeňil atletika we suwda ýüzmek ýaly ugurlarda baýrakly orunlar üçin bäsleşerler.

Ine şu ýerde, geliň türkmen türgenlerimiziň ýakyndan tanalyň!

SERDAR RAHYMOW: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby. Dzýudo sporty boýunça Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy türgen arzyly Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmagyň ugrunda soňky iki ýylyň içinde iri halkara ýaryşlarda 6 medal, şol sanda “Uly tuwulga” dünýä ýaryşlar tapgyrynyň Täjigistanda geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» atly abraýly ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji altyn medaly gazandy. Ol derejesi boýunça Olimpiýa oýunlaryndan we dünýä çempionatlaryndan soň iň abraýly ýaryş hasaplanýar.

Serdar Rahymow 28-nji iýulda dzýudo boýunça ýaryşlary kabul etjek «Gran-Pale-Efemer» desgasynda medallar ugrunda göreşer.

MAÝSA PARDAÝEWA: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby. Dzýudo sporty boýunça Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgenimiz Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň saýlama tapgyryndaky wekilçilikli halkara ýaryşlarda 57 kilograma çenli agram derejesinde 7 medala, şol sanda Hytaýyň Huançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynda we Türkiýede geçirilen “Uly tuwulganyň” «Antalya Grand Slam — 2024» ýaryşynda bürünç medallara mynasyp boldy. Olimpiýa oýunlarynda Aziýanyň kubogynyň eýesi we Ýewropanyň açyk çempionatynyň ýeňijisi bolan Maýsa Pardaýewa 29-njy iýulda geçiriljek tutluşyklarda güýjüni synar.

DÖWRANBEK HASANBAÝEW: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy. Olimpiýa oýunlaryna agyr atletika sporty boýunça gatnaşýar.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan agyr atletika boýunça 23 ýaşly sport ussady D.Hasanbaýew Tailandyň Phuket şäherinde geçirilen dünýä kubogyndaky üstünligi bilen Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol şonda silkip götermekde altyn medal gazandy we 18 görkeziji boýunça iki synanyşygyň jemi boýunça 102 kilograma çenli agram derejesinde iň gowy 10 agyr atletikaçynyň sanawyna girip, dünýä reýtinginde öz ornuny ýokarlandyrdy. Bu oňa Pariž şäherindäki Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk berdi. Döwranbek Hasanbaýew 10-njy awgustda «Pariž Ekspo Port de Wersal» desgasynda dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň hatarynda medallar ugrunda göreşer.

MUSA JALAÝEW: Ýagşygeldi Kakaýew adynaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby. Olimpiýa oýunlaryna suwda ýüzmek boýunça gatnaşýar.

Suwda ýüzmegiň birnäçe görnüşinde ýurdumyzyň rekordlaryny täzelän 21 ýaşly türgenimiz Parižde 100 metre erkin ýüzmekde suw ýodasyna çykar. Ýagşygeldi Kakaýew adynaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýan Musa Jalaýew 30-njy iýulda «Pari-La-Defans» arenasynda guraljak bäsleşiklerde ýaryşar.

AÝNURA PRIMOWA: Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň türgeni.  Olimpiýa oýunlaryna suwda ýüzmek boýunça gatnaşar.

Suwda ýüzmek boýunça milli we halkara derejeli ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden Aýnura Primowa Pariž Olimpiadasyna gatnaşýan iň ýaş türgenleriň biri bolar. 17 ýaşly Aýnura Primowa 29-njy iýulda «Pari-La-Defans» arenasyndaky suw ýodalarynda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça geçiriljek bäsleşiklere goşular.

WALENTINA MEREDOWA: Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň 1-nji derejeli türgeni. Olimpiýa oýunlaryna ýeňil atletika boýunça gatnaşýar.

100 metr aralyga ylgamak boýunça Türkmenistanyň köp gezek çempiony we rekordçysy Walentina Meredowa milli ýygyndymyzyň iň tejribeli türgenidir. 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik eden 39 ýaşly türgen 2-nji awgustda «Stad de Frans» stadionynda ylgaw ýaryşlaryna gatnaşar.

 

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy