SIZDEN GELENLER

Parahatçylyk we ynanyşmak dostluk-doganlyk şygary

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz gün-günden ösüşlere beslenýär we özgerýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem milli Liderimiziň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Hor­mat­ly Prezidentimiziň bu baş­lan­gy­jy­ öz wag­tyn­da hem-de öň­den­gö­rü­ji­lik bilen öňe sürmegi biziň ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä giňişliginde belende galdyrýar. Ähli ösüşleriň özeninde parahat durmuşyň bolmagy parahatçylygyň dünýä döwletleriniň arasynda nähili gereklidiginiň aýdyň görkezýär. Parahatçylyk syýasaty döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikde ykdysady, maýa goýum taslamalaryny amatly şertleri döretmek üçin niýetlenendir. Şuňa  baglylykda Türkmenistanyň Mejlisiniň tassyklamagynda 2021-nji ýyly “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edildi. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmekligiň teklip edilmegi hem parahatçylygyň adamzat üçin iň zerur şertleriň biridigini doly subut edýär.

Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk Bitaraplyk syýasatymyzyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen çäklenmän, eýsem dünýä döwletleri bilen hoşniýetli dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna giň orun berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary işläp taýýarlamakda esasy orny eýeleýär.

Häzirki döwürde Bitaraplyk syýasaty ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmekde wajyp meseleleriň möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiz islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda hem parahatçylyk söýüjilik, sabyrlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmeklik hem-de durmuşa geçirmeklik bilen, bu halkara gatnaşyklarynda hem giň gerime eýe bolýar. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplygy döwletiň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünine daýanmak bilen, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar. Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty milli bähbitleri özünde jemlemek bilen, dünýä arenasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna, halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkara gatnaşyklarynyň özeni bolup durýan BMG-niň tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine gabat gelýändigini görmek mümkindir.

2021-nji ýyl ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan — parahatçy­ly­gyň we ynanyşmagyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­megi bilen Bi­ta­rap Türkmenis­tan «2021-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan ge­lip çyk­ýan mak­sat­dyr we­zi­pe­leri­ni mil­li de­re­je­de ber­kit­di. Bu şygar astynda guralmagy göz öňüne tutulýan dür­li çä­re­ler ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk ýubi­le­ýi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len çä­re­leriň do­wa­my bol­mak bi­len, mukaddes şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralarynyň milli we hal­ka­ra de­re­je­de ýaýbaň­lan­dy­ryl­ma­gy üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­riň ýoluny açar. Bu şygar bi­len türkmen milletimiziň ýö­relge­le­ri we Bi­ta­rap­ly­gymyzyň mak­sat­la­ryny dünýä ýa­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyjy bi­len ka­bul edi­len «2021-nji ýyl — Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýyly» atly Kararnamada dünýä jemgyýet­çi­li­gi­ni pa­ra­hat­çy­ly­ga we yna­nyş­maga dur­nuk­ly ösü­şi, pa­ra­hat­çy­ly­gy, howpsuz­ly­gy hem-de adam hu­kuk­la­ry­ny hor­mat­la­ma­gy üp­jün ed­ýän gym­matlyk hök­mün­de ga­ra­ma­ga ça­gy­ryş beýan edil­ýär. Dur­nuk­ly ösü­şi, pa­ra­hatçy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de adam hu­kuk­la­ry­ny hor­mat­la­ma­gy üp­jün et­mek ýa­ly ýö­rel­ge­ler bol­sa dün­ýä­niň iň iri halkara gu­ra­ma­sy bo­lan Birle­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Tertipnamasyn­da görkezilen yn­san­per­wer ide­ýa­la­ryň öze­ni­ni düz­ýär. Diý­mek, bu gu­ra­ma­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şyna öw­rü­len Türk­me­nis­tan de­giş­li Kararnama­nyň üs­ti bi­len, dün­ýä­de pa­rahat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gin­de, öza­ra yna­nyş­mak me­deniýetiniň kemala getirilmeginde aýgytlaý­jy or­nuň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne degiş­li bol­ma­ly­dy­gy­ny hem tas­syk­la­ýar. Bu bol­sa Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň Bir­leşen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň öňün­dä­ki hor­mat-sy­la­gy­ny, ab­raý-mer­te­be­si­ni-de has-da be­len­de göterýär. Şeýdip, Garaşsyz hem baky Bitarap Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk we öza­ra yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­ni ber­karar etmek­de il­ki özi dün­ýä ýurt­la­ry­na nus­ga bol­ýar, gö­rel­de gör­kez­ýär.

Hormatly Prezidentimiz dostluk-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbitleri däl, eýsem, halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny öňe sürýär. Dünýäniň ösüşiniň täze sepgitlerini, milli we umumadamzat ähmiýetleri göz öňüne tutmak bilen, iri halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýoly bilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Geldi Berdiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň öwreniji-mugallymy

 

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika