SIZDEN GELENLER

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Gahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjilikli beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edip, ynsanperwer ýörelgelerimizi halkara derejesinde giňden dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem berkarar döwletimiziň abraýy, şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Ata-baba däbine görä asudalygy, parahatçylygy we abadançylygy baýdak edinýän mähriban halkymyz bu günki gün asuda, parahat durmuşda ýaşaýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet islärin» diýip, ömürboýy arzuwlan ajaýyp döwrüniň hözirini görüp ýaşamak, okamak uly bagt.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň mazmuny parahatçylyk we ynanyşmak, agzybirlik, bitewülik ýaly düşünjeleriň jemini emele getirýär. Bu şygarda halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilen çagyryş bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda bolsa dana şahyryň eserlerinde ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, il-halkyň parahat durmuşda ýaşamagynyň, agzybirligiň gadyr-gymmaty baradaky garaýyşlarynyň ähmiýeti aýdyň şöhlelendirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda parahatçylygy, ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen ylmy garaýyşlar, taryhy wakalar, rowaýatlar aýratyn orun tutýar. Alym Arkadagymyz: «Il-ulus agzybir bolanda, döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr. Agzybirlik il-halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir» diýip, halk bilen döwletiň biri-birine ynamyny, bähbitleriniň bitewüligini we sazlaşygyny agzybirligiň emele getirýändigini jaýdar nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda döwletimiziň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty halklaryňdyr ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegi nazarlaýar. Eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Jemgyýetiň jebisligini, ýurt abadançylygyny berkarar eden döwletimiz täze taryhy döwürde bütin dünýäde asuda, parahat durmuşyň rowaçlanmagy ugrunda tagalla edýär.

Diňe soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ählumumy parahatçylygy gazanmaga gönükdirilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi bu hakykaty tassyklamaga ýeterlikdir. 2025-nji ýylyň milli we halkara derejede dabaralandyrylýan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen belent şygarlara esaslanýan syýasy-filosofik garaýyşlaryndan, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda beýan edilýän pähim-paýhasly pikirlerinden gözbaş alýar.

Parahatçylyk hem-de birek-birege bolan ynam häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm şertleridir. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen umumadamzat ähmiýetli işleri yzygiderli durmuşa geçirmegini dowam edýär. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň hem-de başlangyçlaryň halklar we halkara guramalar tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň uly ykrarnama eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Adalatlylygy, ynsanperwerligi we dost-doganlygy mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, döwletimizi we halkymyzy ösüşli menzillere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Mähri Halmyradowa, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany

Döwrebap bilim — kämil ýaşlar

Nebitgaz pugagynda halkara hyzmatdaşlygy

Diller – üstünligiň açary

Bilimli nesil – röwşen geljegiň şuglasy

Temmäkä garşy aýgytly göreş alnyp barylýar