JEMGYÝET

Pan Gi Mun Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga goşandyna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B. Durdyýew Ýaşyl ösüş global institutyň geňeşiniň başlygy, BMG-niň 8-nji baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda Pan Gi Mun türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.

Pan Gi Mun Türkmenistanyň soňky üç onýyllykda bitaraplyk syýasatyna ygrarlylygyna, onuň sebitleýin parahatçylyga we ösüşe işeň goldawyna ýokary baha berip, şeýle hem ynsanperwerlik daşary syýasatynyň nusgalykdygyny belledi.

Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygy barada belläp geçen Pan Gi Mun özüniň BMG-niň Baş sekretary wezipesinde işlän döwründe 2010-njy, 2015-nji we 2016-njy ýyllarda Aşgabada amala aşyran saparlaryny, şeýle hem döwlet Baştutany bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly ýatlamalar bilen ýatlaýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Pan Gi Mun Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine özüniň iň mähirli salamyny we arzuwlaryny iberdi.

Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli ýurt we halkara derejesinde geçiriljek çäreler barada maglumat berdi. Hususan-da, şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda meýilleşdirilen Halkara forumyň üstümizdäki ýyl üçin çäreleriň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan esasy wakalaryň biri hökmünde belledi.

Pan Gi Mun bu giňişleýin maglumat üçin minnetdarlyk bildiriň, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutan çärelerini we başlangyçlaryny goldaýandygyny we goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar ýaşyl ösüş pudagynda tejribe alyşmak, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we tokaý ýerlerini durnukly dolandyrmagyň mehanizmlerini güýçlendirmek boýunça bilelikdäki tagallalar arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri