DÜNÝÄ

Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy Farruk Şahzad Raonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar wagtyň synagyndan geçen türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösüdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hususan-da ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ünsi çekmek bilen, ykdysadyýet ulgamyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçly ulag syýasatyny nazara almak bilen, söhbetdeşler sebitiň ýurtlarynyň has gowy ykdysady integrasiýasy üçin üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdaryny köpeltmegi, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegi, port infrastrukturasyny işjeňleşdirmegi öz içine almak bilen, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri