JEMGYÝET

Pakistan tarapy Arkadag şäherine ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Aziýa eko-siwilizasiýa, gözleg we ösüş institutynyň başlygy Zahid Latif Han bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda şäher gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp Ahal welaýatynda gurulýan Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Arkadag şäherinde gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygy, şeýle hem «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygy we ulag pudagynda «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalar işlenip düzülendigi  aýratyn bellenildi.

Pakistan tarapy görkezilen prezentasiýa üçin minnetdarlyk bildirip, Arkadag şäherindäki infrastrukturalaryň halkara standartlarda ýokary hilde bolmagyna, maglumat tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygyna we daşky gurşawyň goragynyň göz öňünde tutulyp gurulýandygyna ýokary baha berdi, şeýle hem şäher gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ugurda ýurtlarymyzyň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri