Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, oba hojalyk ministri N.Nazarmyradowyň, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň we Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary öndürijilikli, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kuwwatly tehnikalary satyn almak meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda daýhan zähmetine, olar üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etmegiň, degişli teklipleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi daýhanlaryň topraga söýgüsiniň has-da artmagynda, olaryň çekýän yhlasly zähmetinde uly hyjuw döretmeginde, öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli artmagynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyran ähmiýetli başlangyjy iş maslahatyna gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
