BILIM

«Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşigi

Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde «Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşigini yglan etdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bäsleşige Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7 — 12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler.
Gatnaşyjylar «Ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin adamlar näme edip biler?» diýen tema boýunça görkezme esbap (maket) we taslama işini taýýarlamaly. Görkezme esbap klimaty we ozon gatlagyny goramak babatda öňe sürülýän çäreleri aýdyň şöhlelendirmeli. Taslama işiniň göwrümi bolsa degişlilikde 5 — 10 sahypalyk tekstden ybarat bolmaly.
Taýýarlanan işleri 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrna çenli «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasyna tabşyrmaly. Işlere ýörite düzülen topar tarapyndan kesgitlenen ölçeglere laýyklykda baha berler.
Bäsleşigiň baş maksady mekdep okuwçylarynyň ozon gatlagyny goramak baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat bolup durýar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Köpetdag etrabynyň Azady köçesiniň 61-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-03-26 (19); +99364268432.

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersitetlerinde okajak türkmen talyplaryna hökümet talyp haklary gowşuryldy

Täze okuw ýylynda 8 sany çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berler

Mugt pars dili okuwlaryna ýazylyşyk başlandy

Türkmenistan Kanadada ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmen okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny goýdular

Özbegistan Ginnesiň rekordlar kitabynda: bir günde 1,9 müňden gowrak robot