DÜNÝÄ

Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Hytaýda saparda bolarlar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 17-18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew bolsa, şol döwürde Hytaý Halk Respublikasynda resmi saparda bolar. Bu barada iki ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew “Bir guşak. bir ýol” halkara III foruma gatnaşarlar.

Bu forumda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-kommunikasiýa özara baglanyşygy berkitmek, “ýaşyl” ösüş we sanlylaşdyrmak maksatnamalaryny ilerletmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem soňky 10 ýylda bu başlangyjyň esasynda amala aşyrylan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň jemlerine syn berler.

Özbek Lideriniň HHR-niň Başlygy Si Szinpin hem-de Hytaýyň Milli syýasy konsultatiw geňeşiniň ýolbaşçysy Wan Hunin bilen ikçäk gepleşikleri bolar.

Gazak Lideri bolsa, HHR-niň Başlygy Si Szinpin, HHR-niň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan we Ählihytaý geňeşiniň halk wekilleirniň hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Leszi bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri