BIZNES

Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Kabulda Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Oňa Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow hem-de Pakistanyň daşary işler ministri Mohammed Ishak Dar gatnaşdy.

Şeýle hem duşuşyga 3 ýurduň ulag pudagynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Özbegistany, Owganystany we Pakistany birleşdirjek TransOwganystan demirýol taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyryşyny ösdürmek boýunça üç taraplaýyn çarçuwaly şertnama gol çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ulag geçelgesiniň tutuş Ýewraziýa sebiti üçin strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler.

Taslama sebit söwdasynyň möçberini ep-esli ýokarlandyrmak, Owganystanyň ykdysady taýdan dikelmegine we Merkezi Aziýa ýurtlaryna günorta deňiz portlaryna we halkara bazarlaryna çykmak üçin niýetlenendir.

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, oba hojalygy, derman, dokma hem-de gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändiklerini tassykladylar.

Termezdäki Halkara söwda merkeziniň mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler