BIZNES

Özbegistanyň energetika ministri Aşgabatdaky nebitgaz forumyna gatnaşar

Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda geçiriljek “Tükrmenistanyň nebiti we gazy -2024” atly halkara maslahatyna myhman hökmünde gatnaşar. Özbek myhmany “Ählumumy energeitka bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly plenar mejlisde çykyş eder.

Bu plenar mejlisde dünýäniň energetika bazarynyň ýagdaýyna syn berler we Tükrmenistanyň strategik ornuna baha berler. Şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlar bolup, nebitgaz pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürýer. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi Özbegistanyň hem çäklerinden geçýär we köp ýyldan bäri Özbegistan türkmen elektirk energiýasyny satyn almakdna ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar.

Türkmenistan bilen Özbegistanda energiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän ikitaraplaýyn şertnamalar bar. Bularyň arasynda tebigy gazyň durnukly üpjünçiligi we goňşy ýurduň barha artýan zerurlyklaryna esaslanyp giňeldilýär.

Şu nukdaýnazardan Özbegiýanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň Türkmenistana sapary we “Tükrmenistanyň nebiti we gazy -2024” atly halkara maslahatyna gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň umumy ösüş strategiýasyna laýyk gelýän meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

“Tükrmenistanyň nebiti we gazy -2024” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin 40 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri