DÜNÝÄ

Özbegistanda prezidentiň ygtyýarlyk möhleti 7 ýyla uzadylar

Häzirki wagtda Özbegistanda ýurduň Konstitusiýana üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Munuň üçin Konstitusion kanuny taýýarlanýar. Täze kanunçylyk namasynda, Prezidentiň ygtyýarlyk möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltmak göz öňünde tutulýar.

Ýurduň esasy kanunyna giriziljek üýtgetmeler we goşmaçalar baradaky kanun taslamasy jemgyýetçilige hödürlendi.

Şol täze kanunçylykda girizilen maddalaryň biri hem prezidentiň ygtyýarlyk möhletiniň uzadylmagy bolup durýar.

– 90-njy maddanyň ikinji bölegindäki “bäş” sözüni “ýedi” bilen üýtgetmeli – diýlip, kanun taslamasynda beýan edilýär.

Özbegistanyň Konstitusiýasynyň 60-dan gowrak maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelik bilen, adalatly bäsdeşligi goramak, amatly iş we döwletde maýa goýum ýagdaýyny kadalaşdyrmak ýaly ugurlar kesgitlendi. Şeýle hem, telekeçiligi ösdürmek üçin şertler döretmek, ykdysady işjeňligiň monopoliýasynyň öňüni almak ýaly üýtgetmeler we goşmaçalar göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 8-nji dekabrynda kabul edilipdi. Häzirki döwre çenli 15 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen täzeden ýurduň baş kanunyna üýtgetmeler girizmek babatdaky işlere badalga berildi.

 

Ýurdumyzyň wekiliýeti Wýetnamda iş saparynda bolar

Ýene-de okaň

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi