DÜNÝÄ

Özbegistanda prezident saýlawlary geçirilýär

Şu gün Özbegistanda wagtyndan öň prezident saýlawlary geçirilýär. Ýurduň metbugatynyň habar bermegine görä, ir sagat bilen 08:00-da ähli saýlaw uçastoklary açylyp, saýlawçylar ses bermäge başladylar.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, 19.5 million saýlawçy hasaba alyndy. Ähli ýurt boýunça 10784 saýlaw uçastogy döredildi. Ses bermek işi 08:00-da başlap, agşam sagat 20:00-da tamamlanýar.

Şol wagtda 28-nji iýunda wagtyndan öň ses bermek işi hem ýola goýuldy.

Ýurduň iň ýokary döwlet wezipesi üçin dalaşgärler – Özbegistanyň Halk-demokratik partiýasynyň dalaşgäri Ulugbek Inoýatow, Telekeçileriň we işewürleriň hereketi – Liberal-demokratik partiýanyň dalaşgäri – ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Sosial-demokratik partiýasynyň dalaşgäri – Robahon Mahmudowa we Özbegistanyň Ekologiýa partiýasynyň dalaşgäri – Abduşukur Hamzaýew.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler