DÜNÝÄ

Özbegistanda prezident saýlawlary

Özbegistanda nobatdaky prezident saýlawlary 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda geçiriler. Bu barada ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Akmal Saidow habar berdi.

Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Özbegistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk palatasy tarapyndan taýýarlanan kanun taslamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň üçünji hepdesiniň birinji ýekşenbesinde, ýagny 24-nji oktýabrda prezident saýlawlaryny geçirmek göz öňünde tutuldy. Bu kanun taslamasynyň parlamentiň ýokary palatasy bolan Senat tarapyndan 5-nji fewralda tassyklanmagyna garaşylýar.

Özbegistanda mundan ozalky saýlawlar ýurduň birinji Prezidenti Islam Karimowyň aradan çykmagy sebäpli 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda wagtyndan öň geçirilipdi. Oňa ýurduň syýasy partiýalaryndan dalaşgärler hödürlenipdi.

Saýlawlaryň birinji tapgyrynda Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň dalaşgäri Şawkat Mirziýoýew 88,61 göterim ses alyp, 5 ýyllyk möhlet bilen prezidentilige saýlanypdy.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi