DÜNÝÄ

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Golaýda Özbegistanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra ýurduň parlamentiniň kanun çykaryjylyk palatasy täzeden düzüldi. Şeýle hem mejlisiň bu palatasynyň ýygnagynda ýurduň hökümetiniň täze düzüminiň dalaşgärlerine seredildi.

Oliý Mažlisiň täze düzüminiň işe başlamagy bilen ýurduň Ministrler Kabinetiniň agzalary ygtyýarlyklaryny bes etdiler. Ýurduň Prezidentiniň karary bilen Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň teklip etmeginde Abdulla Aripow täze Premýer-ministr boldy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň 24 agzasy ozalky orunlaryny saklap galdy.

Ministrler Kabinetiniň düzümi:

Açilbaý Ramatow – Premýer-mninistriň orunbasary

Jamşid Kuçkarow – Premýer-ministriň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri

Žamşid Hojaýew – Premýer-ministriň orunbasary. 

Zulaýho  Mahkamowa – Premýer-ministriň orunbasary, Maşgala we zenanlar komitetiniň başlygy. 

Laziz Kudratow – Maýa goýum, senagat we söwda ministri. 

Botir Zahidow – Iş üpjünçiligi we garyplygy azaltmak ministri.

Ibrohim Abdurahmanow – oba hojalyk ministri.

Şawkat Hamraýew – suw hojalygy ministri. 

Şerzod Hidoýatow – gurluşyk we ýaşaýyş jaý hojalygy ministri. 

Ilham Mahkamow – ulag ministri. 

Žurabek Mirzamahmudow – energetika ministri. 

Bobir Islamow – dag magdan senagaty we geologiýa ministri. 

Şerzod Şermatow – sanly tehnologiýalar ministri.

Aziza Abduhakimowa – ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministr.

Asilbek Hudaýarow – saglygy goraýyş ministri. 

Hilol Umarow – mekdebe çenli we mekdep bilimi boýunça ministri. 

Kongratbaý Şaripow – ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri. 

Adham Ikramow – sport ministri. 

Ozodbek Nazarbekow – medeniýet ministri. 

Akbar Taşkulow – adalat ministri. 

Bahtiýor Saidow – daşary işler ministri. 

Abdulla Kuldaşew – adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministr. 

Pulat Bobojonow – içeri işler ministri. 

Bahodir Kurbanow – goranmak ministri. 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň dollarynda Trampyň suratyny ýerleşmek üçin kanun taslamasy

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Parahatçylygy wagyz etmekde jemgyýetçilik torlarynyň mümkinçilikleri ulanylýar

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary