TEHNOLOGIÝA

Özbegistanda elektroulag önümçiligi

Özbegistanyň Kokand şäherinde täze awtoulag önümçilik kärhanasynyň gurluşygyna girişildi. “Forbes.uz” neşiriniň habar bermegine görä, bu önümçilik kärhanasynda “Mercedes-Benz” ulagyň daşky keşbine laýyklykda elektrik  togy bilen işleýän ulaglar ýygnalar.

Ýurduň Fergana welaýatynyň aýtmagyna görä, täze zawodyň tutýan meýdany 30 müň inedördül metre deň bolar. Bu maýa goýum taslamasy Hytaýyň “Silk Road Company” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylyp, 30 million dollar sarp ediler. Maýa goýumyň 24 milliony hytaý tarapyna degişli bolar. Meýilnama laýyklykda, zawodda elektroulaglaryň önümçiligi indiki ýylyň dowamynda başlanar.

Öndüriljek ulaglar diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurt bazaryna hem uradylar. Zadowyň ilkinji ýylynda 2 müňe golaý ulag ýasalar.

Elektroulaglary daşky keşbi “Mercedes-Benz” ulagyna meňzediler. Ulagyň bahasy 3 müň dollara deň bolup, onuň 100 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji sagatda 80 kilometre tizlige ýeter. Ol bir gezeklik zarýad bilen 150 kilometr menzil aşyp bolar.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar