BIZNES

Özbegistanda 3.8 million tonna pagta hasyly ýygnaldy

Özbegistanda 2023-nji ýylda 8,2 million tonna dän we 3,8 million tonna pagta hasyly ýygnandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň oba hojalyk işgärlerine iberen gutlagynda belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, üstümizdäki ýylda ýurtda 15 million tonnadan gowrak gök we bakja önümleri, 5 million tonna üzüm we dürli miweler öndürildi.

Özbegistanyň oba hojalyk işgärleri 4 million tonna ýeralma we 26 müň tonna pile öndürmegiň hötdesinden geldiler.

Özbegistanyň Prezidentiniň oba hojalyk işgärlerine iberen gutlagynda belleýşi ýaly, oba hojalygynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde oba ýerleriniň zähmetkeşleriniň girdejilerini artdyrmaga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen ýurtda pagta we däne ekinleriň ekilýän ýerleri sonky 2 ýylda 200 müň gektar azaldy. Boşalan ýerler bäsleşik esasynda 670 müň oba zähmetkeşlerine berildi we şonuň netijesinde, 2 million hemişelik we möwsümlik iş orunlary döredildi we goşmaça 3 million tonna önüm öndürildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder